Select your language

ÝÜKLERI ÄTIÝAÇLANDYRYŞ

     Ýükleri ätiýaçlandyryş – bu ýük daşama amala aşyrylanda dürli görnüşli wakalaryň netijesinde ýitgiler ýüze çykan ýagdaýynda ýüküň eýeleriniň emläk bähbitlerini goramaga niýetlenen emläk ätiýaçlandyryşyň bir görnüşi bolup durýar.

     “Resmi kepil” HJ – bu bütin dünýäde awtoulag, demir ýol, awiasion, deňiz we derýa ulag serişdeleri bilen daşalýan islendik ýükleriň ynamly ätiýaçlandyryş goragydyr.

Eger-de siz ýük daşama zerurlygy bilen duş gelen bolsaňyz, ýa-da ýük daşama – siziň işiňiziň düýbi bolup durýan bolsa, ýükleriň goragyny ýola goýmak meselesi siziň üçin has hem wajyp bolup durýar. 

     Juda gowy däl ýollar, howa şertleri, ýol hereketiniň beýleki gatnaşyjylaryň garaşylmadyk hereketleri, bikanun ýagdaýlar, şu hemme faktorlar hojalyk işinde durnuksyzlyga getirýär. Şol sebäpli öz telekeçilik işiniň goragyny öňünden alada etmek has gowy bolar.

     Ýük daşamalaryň ähli tapgyrlarynda hemmetaraplaýyn ynamly goragyny üpjün etmeklik – bu “Resmi kepil” kompaniýasynyň ätiýaçlandyryş polisini satyn almakdyr.


ÝÜKLERI ÄTIÝAÇLANDYRYŞ

Biz nämäni ätiýaçlandyrýarys?

  • Ýükler, komission tölegler, fraht we ýükleri daşamak bilen bagly beýleki çykdajylar.

Haýsy howplardan?

  • ýyldyrym urmagy, tupan, harasat turmagy, wulkanyň atylyp çykmagy we beýleki tebigy betbagtçylyklar, eger ýeňip geçip bolmaýan güýjüň hereketleri sebäpli ýetirilen zyýan üçin ätiýaçlandyryş  goragy  ätiýaçlandyryş  şertnamasynda  göz öňünde tutulan bolsa;
  • partlama, ýangyn;
  • ulag serişdesiniň ýykylmagy;
  • ulag srişdesiniň ýalpaklyga batmagy ýa-da kenara çykmagy ýa-da ulag serişdesiniň suwa gark bolmagy;
  • ýerüsti ulaglar bilen ýük daşalanda ulagyň agdarylmagy ýa-da relsden çykmagy;
  • köprüleriň, ötükleriň ýykylmagy;
  • ulag serişdesiniň islendik obýekt bilen çakyşmagy;
  • ýüküň gaçyp galmagy;
  • ýüküň çyg çekmegi;
  • ýükleriň ýüklenýän, düşürilýän we ulag serişdesine ýangyç guýulýan mahalynda betbagtçylykly ýagdaýlar sebäpli çekilen ýitgiler;
  • umumy heläkçilik boýunça ýitgiler, çykdajylar we gatançlar;
  • eger ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertleri boýunça şeýle  ýitginiň öwezini dolmak göz öňünde tutulan bolsa, ýükleri halas etmek we saklamak boýunça, şeýle hem ýitgini azaltmak  boýunça we onuň möçberini anyklamak boýunça zerur we maksada laýyk bolan ähli çykdajylar.
Image

Biziň salgymyz
744017, Turkmenistan, Asgabat, Garassyzlyk sayoly, jaý №50

Telefon belgilerimiz
+993(12) 48-46-36
+993(12) 48-46-37
+993(65) 71-33-87

© 2024 RESMI KEPIL