Select your language

BETBAGTÇYLYKLY HADYSALARDAN ÄTIÝAÇLANDYRYŞ

Betbagtçylykly hadysalaryndan ätiýaçlandyryş – heläkçilik ýa-da heläkçilik sebäpli aradan çykan halatynda maliýe goragyny üpjün etmek üçin niýetlenen ätiýaçlandyryşyň bir görnüşidir.

Ätiýaçlandyryşyň şertleri we ätiýaçlandyryş bahasy  töwekgelçiliklere, ätiýaçlandyrýanlaryň ýaşyna, iş meşgullygyna  we beýleki faktorlaryna baglylykda üýtgeýär. Köplenç, ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazyndan öň potensial ätiýaçlandyrylan adamyň töwekgelçiliklerine we saglyk ýagdaýyna baha berýär.

Betbagtçylykly hadysalardan ätiýaçlandyryş, ätiýaçlandyrylan adama we maşgalasyna rahatlygyny üpjün edýär. Esasan hem howply hünärler bilen ýa-da ekstremal sport bilen meşgullanýan raýatlar üçin peýdaly bolup biler.

Ätiýaçlandyryşyň artykmaçlyklary

  1. Maliýe goragy: Ätiýaçlandyryş kompaniýasy betbagtçylykly  hadysanyň netijesinde ýüze çykan şikesler ýa-da ölüm ýagdaýynda ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini töleýär. Bu bolsa ätiýaçlandyrylan şahsa we maşgalasyna maliýe tarapdan ýeňillik döredip bejergi, jaýlanyş ýa-da beýleki zerur maddy çykdajylary ýapmaga ýardam berýär.

  2. Psihologiki kömek: ýaralanan ýa-da aradan çykan ýagdaýynda bu ätiýaçlandyryşy ätiýaçlandyran raýata we maşgalasyna psihologik goldawyny berip, wakanyň netijelerini ýeňip geçmäge kömek edýär.

  3. Töwekgelçiliklerden goramak: betbagtçylykly hadysalardan ätiýaçlandyryş awtoulag heläkçiligi, iş bilen baglanşykly şikesler, sport şikesleri we beýleki betbagtçylyklar bilen baglanşykly dürli töwekgelçiliklerden goramagy üpjün edýär.

  4. Parahatçylyk we rahatlyk: heläkçilik ýüze çykan ýagdaýynda maliýe goldawynyň beriljekdigini bilmeklik özüňüzi arkaýyn we ynamly duýmaga ýollandyrýar sebäbi kompaniýa maddy borçlarynyň ählisini töleýar

Image

BETBAGTÇYLYKLY HADYSALARDAN ÄTIÝAÇLANDYRYŞ

Biz nämäni ätiýaçlandyrýarys?

  • Betbagtçylykly hadysalaryň netijesinde adamyň saglygana zyýan ýetmegi ýa-da ölüm

Haýsy howplardan?

  • Betbagtçylykly hadysalaryň netijesinde ätiýaçlandyrylan adam tarapyndan alnan şikes: 
    • Tötänleýin ýiti zäherlenmeler;
    • Süňkleriň döwülmegi, çykmagy;
    • Ýaralaryň açylmagy;
    • Ýanyklar we ş.m.

 ÖWEZINI DOLUŞ TÖLEGI NÄDIP AMALA AŞYRYLÝAR?

Ätiýaçlandyryş hadysa ýüze çykan halatynda, haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman, “Resmi kepil” ätiýaçlandyryş kompaniýasyna ýüz tutmaly.

Zerur lukmançylyk kömegini alandan soň, saglygy bejeriş we dikeldiş edaranyň kepilnamasy esasynda “Resmi kepil” kompaniýasy Size 195-nji formany berýär, we şol formany doldurandan soň ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini alýarsyňyz.

Ätiýaçlandyryş hadysa ýüze çykan halatynda öwezini doluş tölegi şikesiň agyrlyk derejesine bagly bolup durýar.

Meselem: çigin süňkiniň döwülmegi (ätiýaçlandyryş pul möçberinden 15 %)

40000*15%= 6000 manat

Image

Biziň salgymyz
744017, Turkmenistan, Asgabat, Garassyzlyk sayoly, jaý №50

Telefon belgilerimiz
+993(12) 48-46-36
+993(12) 48-46-37
+993(65) 71-33-87

© 2024 RESMI KEPIL