Select your language

ÖÝ EMLÄGINI ÄTIÝAÇLANDYRYŞ

Öýde telewizoryň, täze kompýuteriň ýa-da çylşyrymly kondisioneriň  bolmagy indi üýtgeşiklik däl eýsem adaty zat. Şeýle-de bolsa, ýönekeý suw almagy öýüňizdäki emläge uly zyýan ýetirip biler we  hojalyk tehnikasynyň täzesini satyn almak ýa-da abatlamak işi  gymmada düşýär.

Mundan başga-da, öýleriň talanmagy ýaly howplary hem ýatdan çykarmaly däl. Ähli ýagdaýlary öňünden aýdyp bolmaýar we ogurlanan enjamlaryň öwezini dolmak ýagny kompýuteriň ýa-da telewizoryň täzesini satyn almak üçin jübiňizden çykdajy etmeli bolýaňyz.

Öý emläginiň  ätiýaçlandyryşy betbagtçylyklardan, ogurlyk ýa-da beýleki howplaryň netijesinde döräp biljek öý enjamlaryň zaýlanmagyndan ýa-da ýitmeginden goraýar. Öýüňiziň heläkçiliklerden we ýitgilerden goralýandygyny bilmeklik, rahatlyk bilen öýüňizde lezzet almaga mümkinçilik döredýär.

ÖÝ EMLÄGINI ÄTIÝAÇLANDYRYŞ

Biz näme ätiýaçlandyrýarys?

  • Hususy ýaşaýyş jaýlarynda ulanylýan öý goşlaryny;
  • Ýaşaýyş jaýlaryndaky goşmaça salnan otaglaryň we öýleriň bezeg elementlerini we enjamlaryny.

Haýsy howplardan?

  • Tebigy betbagtçylyklardan (suw joşguny, harasat, tupan, tüweleý, gopgunlar, çabga, doňmakdan, ýer süýşmesi, toplum, ýerasty suwlaryň ýokary galmasy, sil, daşgyn, sebit üçin adaty bolmadyk  dowamly ýagyşlar we güýçli garlar, ýyldyrym çakmagy, ýeriň çökmegi, ýer titremegi);
  • Betbagtçylyklardan: ýangyn, partlama, ulaglar bilen çaknyşmak, agaçlaryň ýykylmagy we uçarlaryň gaçmagy, ýyladyş sistemalarynda näsazlagyň ýüze çykmasy, suw üpjünçiligi, lagym ulgamlaryndan, goňşy jaýlardan suwuň geçmegi, emlägiň ýerleşýän binalarynyň (jaýlarynyň) esasy desgalarynyň duýdansyz weýran bolmagy; 
  • Üçünji taraplaryň bilkastlaýyn, bikanun hereketleri;
  • Emläk ogurlanmagy, emläk ogurlanmagy ýa-da ogurlamak synanyşygy bilen baglanyşykly emlägi ýok etmegi ýa-da zeper ýetmegi ýaly hereketlerden;
  • Radio we telewideniýa enjamlary, wideo enjamlary, magnitafonlar, surat we film enjamlary, aýdym-saz merkezleri, elektron enjamlary, kondisionerler, elektrik enjamlary we durmuş enjamlary ýangyn dörän halatynda ätiýaçlandyrylan hasaplanýar.
Image

Biziň salgymyz
744017, Turkmenistan, Asgabat, Garassyzlyk sayoly, jaý №50

Telefon belgilerimiz
+993(12) 48-46-36
+993(12) 48-46-37
+993(65) 71-33-87

© 2024 RESMI KEPIL