Select your language

SMARTFONYŇ DISPLEÝINI WE SENSOR EKRANYNY ÄTIÝAÇLANDYRYŞ

Smartfonyň ekranyny ätiýaçlandyryş - bu enjamyň ekranyny döwülmeginden we oňa zeper ýetmeginden goraýan ýöriteleşdirilen guraldyr.

Döwrebap smartfonlaryň ekranlary aýna ýa-da plastik ýaly döwlegen näzik materiallardan ýasalýar, şonuň üçin eliňden gaçan ýagdaýynda, urgy alanda ýa-da başga tötänleýin ýagdaýlarda aňsatlyk bilen zeper  ýetmegi mümkin. Ekran ätiýaçlandyryşy ekrany çalyşmaga ýa-da abatlamak üçin çykdajylarynyň öwezini dolmaga mümkinçilik berip şular ýaly zyýanlardan gorag bilen üpjün edýär.

Smartfonlaryň ekranyny  abatlamak esasanam tutuş ekrany çalyşmak zerur bolsa maddy tarapdan  gymmat bolup biler. Ekran ätiýaçlandyryşy abatlamak bilen baglanşykly maliýe töwekgelçiligini azaltmaga mümkinçilik berýär, sebäbi ätiýaçlandyryş kompaniýasy ekrany dikeltmek üçin ähli harajatlaryny töleýär.

Ekranyň ätiýaçlandyryşy bilen garaşylmadyk zeperlerden özüňizi has goragly duýup bilersiňiz, bu bolsa howpsuzlyk barada alada etmän töwekgilçilikli şertlerde (sport ýa-da gurluşyk meýdançasynda işlemek ýaly) telefonyňyzy has erkin ulanmaga kömek eder.

Image

SMARTFONLARYŇ DISPLEÝINI WE SENSOR EKRANYNY ÄTIÝAÇLANDYRYŞ

Biz näme ätiýaçlandyrýarys?

  • Telefonyň sensor ekranyny we displeýini ulanmak hem-de eýeçilik etmek bilen baglanşykly emläk bähbitlerini.


Haýsy howplardan?

  • Tötänleýin  fiziki zyýan – fiziki işlemezligi, jaýryk atmagy, döwükleriň emele gelmegi, böleklere bölünmegi ýa-da telefonyň sensor ekranyny ýa-da displeýiniň ýok edilmegi ätiýaçlandyrýan adamyň elinden garaşylmadyk we bilkastlaýyn däl gaçyrmagy we daşarky täsirleriň aç-açan yzy bolmagy netijesinde ýüze çykýan näsazlyklar;
  • Telefony, bagažda, kapotda ýa-da ulagyň üstünde (üçeginde) galdyrmaklygyň  netijesinde fiziki zeper ýetmegi;
  • Telefonyň sensor ekranyna ýa-da displeýine islendik tötänleýin kosmetiki-fiziki zeper, çyzyklar, egilmeler we çukurlar şeýle-de ekranyň daşky görnüşini bozýan ýöne öndürijiligine, işleýşine täsir etmeýan zeperler.
Image

Biziň salgymyz
744017, Turkmenistan, Asgabat, Garassyzlyk sayoly, jaý №50

Telefon belgilerimiz
+993(12) 48-46-36
+993(12) 48-46-37
+993(65) 71-33-87

© 2024 RESMI KEPIL