Select your language

ÝÜKLERI ÄTIÝAÇLANDYRYŞ

Ýükleri ätiýaçlandyryş – bu ýük daşama amala aşyrylanda dürli görnüşli wakalaryň netijesinde ýitgiler ýüze çykan ýagdaýynda ýüküň eýeleriniň emläk bähbitlerini goramaga niýetlenen emläk ätiýaçlandyryşyň bir görnüşi bolup durýar.

“Resmi kepil” HJ – bu bütin dünýäde awtoulag,demir ýol, howa, deňiz we derýa ulag serişdeleri bilen daşalýan islendik ýükleriň ynamly ätiýaçlandyryş goragydyr.

Eger-de siz ýük daşama zerurlygy bilen duş gelen bolsaňyz, ýa-da ýük daşama – siziň işiňiziň düýbi bolup durýan bolsa, ýükleriň goragyny ýola goýmak meselesi siziň üçin has hem wajyp bolup durýar. 

Edil gaty gowy däl ýollar, howa şertleri, ýol hereketiniň beýleki gatnaşyjylaryň garaşylmadyk hereketleri, bikanun ýagdaýlar, şu hemme faktorlar hojalyk işinde durnuksyzlyga getirýär. Şol sebäpli öz telekeçilik işiniň goragyny öňünden alada etmek dogry diýip hasaplaýarys.

Ýük daşamalaryň ähli tapgyrlarynda hemmetaraplaýyn ynamly goragyny üpjün etmeklik – bu “Resmi kepil” kompaniýasynyň ätiýaçlandyryş (şertnamasyny) polisini baglaşmagydyr.

ÝÜKLERI ÄTIÝAÇLANDYRYŞ

Biz näme ätiýaçlandyrýarys?

Ýükleri, komission tölegleri, fraht we ýükleri daşamak bilen bagly gaýry çykdajylary

Haýsy howplardan goraýarys?

  • Ýyldyrym urmagy, tupan, harasat turmagy, wulkanyň atylyp çykmagy we beýleki tebigy betbagtçylyklar, eger ýeňip geçip bolmaýan güýjüň hereketleri bilen ýetirlen zyyanyň atiýaçlandyryş goragy şertnamada göz öňünde tutulan bolsa;
  • Partlama, ýangyn;
  • Ulag serişdesiniň ýykylmagy
  • Ulag serişdesiniň ýalpaklyga batmagy ýa-da kenara çykmagyndan ýa-da ulag serişdesiniň suwa gark bolmagy;
  • Ýerüsti ulaglar bilen ýük daşalanda ulagyň agdarylmagy ýa-da relsden çykmagy;
  • Köprüleriň, ötükleriň ýykylmagy;
  • Ulag serişdesiniň islendik obýekt bilen çakyşmagy;
  • Ýüküň gaçyp galmagy;
  • Ýüküň çyg çekmegi;
  • Ýükleriň ýüklenýän, düşürilýän we ulag serişdesine ýangyç guýulýan mahalynda betbagtçylykly ýagdaýlar sebäpli çekilen ýitgiler;
  • Umumy heläkçilik  boýunça ýitgiler, çykdajylar we gatançlar;
  • Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertleri boýunça şeýle ýitginiň öwezini dolmak göz öňünde tutulan bolsa, ýükleri halas etmek we saklamak, şeýle hem ýitgini azaltmak we onuň möçberini anyklamak boýunça ähli zerur we maksadalaýyk bolan çykdajylar, eger şu ýitginiň öwezini dolmagy şertnamada göz öňünde tutulan bolsa. 
Image

Biziň salgymyz
744017, Turkmenistan, Asgabat, Garassyzlyk sayoly, jaý №50

Telefon belgilerimiz
+993(12) 48-46-36
+993(12) 48-46-37
+993(65) 71-33-87

© 2024 RESMI KEPIL