Ynamly goragyňyz - biziň bilendir!

Biz barada

“Resmi kepil” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş bazarynda 2017-nji ýyldan bäri öz işini milli we halkara derejede alyp barýan hususy ätiýaçlandyryş kompaniýasy bolup durýar.
“Resmi kepil” ätiýaçlandyryş kompaniýasy 21010072 sanaw belgisi bilen hasaba alnyp Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan berlen emläk we şahsy bähbitleriniň, jogapkärçilik ätiýaçlandyrmasyny we gaýtadan ätiýaçlandyryşy amala aşyrmak üçin 1-17-30-4 belgili ygtyýarnama esasynda hereket edýär.
Şu günki gün kompaniýa ätiýaçlandyryşyň 20 görnüşi boýunça hyzmatlaryny hödürleýär.

Biziň maksadymyz

Image
icon

Müşderiler

Müşderilere döwrebap ugur bilen çemeleşmekde tejribeli hünärmenlerimiz iň bäsdeş nyrhlar boýunça müşderiniň strategiýalarynyň we talaplarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär. Biziň maksadymyz Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş bazaryna işjeň gatnaşmakdyr.
icon

Biziň tejribämiz uly

Birnäçe ýyl bäri ýurdumyzyň ätiýaçlandyryş bazarynyň esasy gatnaşyjylary bolan - Türkmenistanyň döwlet ätiýaçlandyryş guramasy, “Ätiýaçlandyryş hyzmatlary” ÝGPJ, "Hazar atiýaçlandyryş" AGPJ, "Gadamly ösüş" HJ bilen hyzmatdaşlyk edýäris.
icon

Müşderiniň goragy

Müşderiniň bähbitleriniň goragy toparymyzyň  esasy meselesidir. Şol sebäpli biz ätiýaçlandyryş hadysa ýüze çykan wagtynda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertlerine laýyklykda haýal etmän öwezini doluş tölegini amala aşyrýarys.

ESASLYK maýanyň ösüş depgini

Image

Kompaniýanyň

jogapkärçiliginiň çägini ýokarlandyrmak maksady bilen, soňky 2 ýylda "Resmi Kepil" HJ esaslyk maýasy 14 million manat artdy, bu ätiýaçlandyryş kompaniýasy üçin gaty möhümdir.

BIZIŇ ýerleşýän ýerimiz