Select your language

BURAW IŞLERINI ÄTIYAÇLANDYRYŞ

       Guýylaryň we buraw işleriniň ätiýaçlandyryşy gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň çykarylyşyny we gaýtadan işlemegini, şeýle hem olar bilen bagly beýleki işlerini alyp barýan kompaniýalaryň emläk we maliýe ýitgilerini goramak üçin niýetlenendir.
       Bu ätiýaçlandyryş görnüşi buraw işlerini, buraw işlerinde ulanylýan enjamlary, maşynlary goraýar, şeýle hem guýa gözegçiligiň dikeldilmegi üçin ätiýaçlandyryjynyň hasabyna ätiýaçlyk gorlaryny emele getirýär.

Biz näme ätiýaçlandyrýarys?

        Aşakdaky işler geçirilýän nebit, gaz, geotermal, suw we beýleki guýular ätiýaçlandyrylýan obýektlar bolup durýarlar, ýagny:

  • Buraw guýusynda önüm çykarylyp başlanandan we tamamlanýança ýa-da başga sebäpler bilen bes edilýänçä burawlamak, çuňaltmak, hyzmat etmek, abatlamak, dikeltmek ýa-da önümi çykaryp başlamaga taýýarlamak boýunça işleriň geçirilmegi;
  • Buraw guýusynda nebitiň, tebigy gazyň ýa-da beýleki suwuk ýa-da gaz görnüşli gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň çykarylyşynyň alnyp barylmagy;
  • Buraw guýusynda nebitiň, tebigy gazyň ýa-da beýleki gazylyp alynýan baýlyklaryň çykarylyşy haýsydyr bir sebäpden wagtlaýyn bes edilmegi, guýunyň petiklenmegi ýa-da gaýry usul bilen konserwirlenmegi;
  • Buraw guýusyny üpjün edýän nebitli ýa-da gazly gatlaklaryň boşamagy sebäpli nebitiň, tebigy gazyň ýa-da beýleki suwuk ýa-da gaz görnüşli gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň çykarylyşynyň bes edilmegi;
  • Şertnamalaýyn çäklerde we onuň ýerasty känlerinde daşky gurşawa ýetirilen zeleliň, şol sanda howanyň, suwuň, topragyň we toprak astynyň hapalanmagynyň zyýanly netijelerini ýok etmek bilen baglanyşykly ýüze çykan çykdajylar.

Haýsy howplardan?

Raýat-hukuk jogapkärçiligi – kompaniýany buraw işleri amala aşyrylanda zeper ýa-da şikes ýüze çykan ýagdaýynda üçünji taraplaryň öňündäki maliýe jogapkärçiliginden goraýar, ýagny

  • ýetirilen şahsy zelel boýunça;
  • emläk babatda ýetirilen zelel boýunça.

Ähli töwekgelçiliklerden enjamlar – buraw enjamlarynyň işlenende ýa-da daşalanda zaýalanmagyndan ýa-da ýitmeginden goraýar;

Guýa gözegçiligiň ýitirilmegi – betbagtçylykly hadysalaryň, tebigy betbagtçylyklaryň ýa-da beýleki garaşylmadyk ýagdaýlaryň netijesinde guýa gözegçiligini ýitirendigi sebäpli kompaniýanyň çeken ýitgileriniň öwezini dolýar;

Ekologiýa jogapkärçiligi.

Image

Biziň salgymyz
744017, Turkmenistan, Asgabat, Garassyzlyk sayoly, jaý №50

Telefon belgilerimiz
+993(12) 48-46-36
+993(12) 48-46-37
+993(65) 71-33-87

© 2024 RESMI KEPIL