Ynamly goragyňyz - biziň bilendir!

Biziň hyzmatlarymyz

BETBAGTÇYLYKLY hadysalardan ätiýaçlandyryş

Betbagtçylykly hadysalaryndan ätiýaçlandyryş – heläkçilik ýa-da heläkçilik sebäpli aradan çykan halatynda maliýe goragyny üpjün etmek üçin niýetlenen ätiýaçlandyryşyň bir görnüşidir.

Ätiýaçlandyryşyň şertleri we ätiýaçlandyryş bahasy töwekgelçiliklere, ätiýaçlandyrýanlaryň ýaşyna, iş meşgullygyna we beýleki faktorlaryna baglylykda üýtgeýär. Köplenç, ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazyndan öň potensial ätiýaçlandyrylan adamyň töwekgelçiliklerine we saglyk ýagdaýyna baha berýär.

Betbagtçylykly hadysalardan ätiýaçlandyryş, ätiýaçlandyrylan adama we maşgalasyna rahatlygyny üpjün edýär. Esasan hem howply hünärler bilen ýa-da ekstremal sport bilen meşgullanýan raýatlar üçin peýdaly bolup biler.
Image

Ätiýaçlandyryşyň artykmaçlyklary

Image

Maliýe goragy

Ätiýaçlandyryş kompaniýasy betbagtçylykly  hadysanyň netijesinde ýüze çykan şikesler ýa-da ölüm ýagdaýynda ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini töleýär. Bu bolsa ätiýaçlandyrylan şahsa we maşgalasyna maliýe tarapdan ýeňillik döredip bejergi, jaýlanyş ýa-da beýleki zerur maddy çykdajylary ýapmaga ýardam berýär.

Maliýe goragy

Psihologiki kömek

ýaralanan ýa-da aradan çykan ýagdaýynda bu ätiýaçlandyryşy ätiýaçlandyran raýata we maşgalasyna psihologik goldawyny berip, wakanyň netijelerini ýeňip geçmäge kömek edýär.

Töwekgelçiliklerden goramak

betbagtçylykly hadysalardan ätiýaçlandyryş awtoulag heläkçiligi, iş bilen baglanşykly şikesler, sport şikesleri we beýleki betbagtçylyklar bilen baglanşykly dürli töwekgelçiliklerden goramagy üpjün edýär.

Töwekgelçiliklerden goramak

Parahatçylyk we rahatlyk

heläkçilik ýüze çykan ýagdaýynda maliýe goldawynyň beriljekdigini bilmeklik özüňüzi arkaýyn we ynamly duýmaga ýollandyrýar sebäbi kompaniýa maddy borçlarynyň ählisini töleýar

Image

Biz nämäni ätiýaçlandyrýarys?

Betbagtçylykly hadysalaryň netijesinde adamyň saglygana zyýan ýetmegi ýa-da ölüm

Biz nämäni ätiýaçlandyrýarys?

Betbagtçylykly hadysalaryň netijesinde adamyň saglygana zyýan ýetmegi ýa-da ölüm
Image

Haýsy howplardan?

Image

Islendik görnüşde alnan şikesler

Tötänleýin ýiti zäherlenmeler

Image
Image

Tötänleýin ýiti zäherlenmeler

Image

Süňkleriň döwülmegi, çykmagy

Image

Ýaralaryň açylmagy

Ýaralaryň açylmagy

Image
Image

Ýanyklar we ş.m.

ÖWEZINI doluş tölegi nädip amala aşyrylýar?

Ätiýaçlandyryş hadysa ýüze çykan halatynda, haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman, “Resmi kepil” ätiýaçlandyryş kompaniýasyna ýüz tutmaly

Müşderi zerur lukmançylyk kömegini alandan soň, Resmi Kepil lukmançylyk edarasynyň kepilnamasy esasynda size 195-nji formany doldurmak üçin berer.

Formany dolduranyňyzdan soňra siz ätiýaçlandyryş tölegini alyp bilersiňiz.

Image

Ätiýaçlandyryş hadysa ýüze çykan halatynda öwezini doluş tölegi şikesiň agyrlyk derejesine bagly bolup durýar.

Meselem:
Çigin süňkiniň döwülmegi (ätiýaçlandyrylan mukdaryň 15%) 
40 000 * 15% = 6 000 manat