Emlägiň heläkçiligine getirip biljek maliýe ýitgiler bilen bir hatarda, her bir edara tötänleýin öz işini ýerine ýetirýän mahaly üçünji taraplaryň emlägine, saglygyna we ömrüne ýetirilen zyýanlaryň öwezini dolmak zerurlygy bilen hem duş gelip biler.
Şunuň bilen baglylykda sizi şuňa meňzeş ýagdaýlardan we degişli maliýe çykdajylardan goramak maksady bilen “Resmi kepil” size umumy raýat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmagy hödürleýär.
Biz näme ätiýaçlandyrýarys?
Telekeçilik işiniň amala aşyrylmagy esasynda üçünji taraplaryň janyna, saglygyna we emlägine ýetirilýän zyýanlaryň netijesinde döreýän borçnamalar