Select your language

AWTOULAG SERIŞDELERINI ÄTIÝAÇLANDYRYŞ

Biz näme ätiýaçlandyrýarys?

Ýeňil ýa-da ýük awtoulaglary, tirkeg we ýarym tirkegler, awtobuslar, mikroawtobuslar, motosikller, oba hojalyk we gurluşyk maşynlar, özi hereket edýän mehanizmler we başgalar

Haýsy howplardan?

       Ýol ulag hadysa – Awtoulag serişdesiniň ýol-ulag hadysasynyň netijesinde beýleki awtoulag serişdesi bilen çaknyşanda,  weýran edilmegi ýa-da zaýalanmagy; hereket edýän ýa-da duran ulag serişdesini (pyýadany, tigirli ýolagçyny, desgalary, böwetleri, guşlary, haýwanlary we ş.m.) kakmagy (urmagy).

       Tebigy betbagtçylyklar – ýyldyrym çakmagy, tupan, tüweleý, güýçli ýeller, aýazlar, doly ýagmagy şeýle-de  ýer titremeler, siller, suw joşmalary.

       Betbagtçylykly hadysalar - ýykylan bir zadyň (gar, buz, agaçlaryň gaçmagy we ş.m.), partlamanyň, buzuň aşagyna ýykylmagyň, daşlaryň ýa-da başga zatlaryň awtoulaga degmegi netijesinde awtoulag serişdesiniň weýran edilmegi ýa-da zaýalanmagy.

        Awtoulagyň ogurlanyp alyp gidilmegi – awtoulag serişdesine başga biriniň bikanun eýelik etmeginiň, käbir şaýlarynyň ogurlanmagy netijesinde awtoulag serişdesiniň weýran edilmegi ýa-da zaýalanmagy.

       Ýangyn – daşarky täsir sebäpli dörän gözegçiliksiz ýanma ýa-da partlama we öz özünden ot alma - ýylylygyň toplanmagy ýa-da elektrik ulgamynda gysga utgaşma sebäpli ýanmagyň öz-özünden ýüze çykmagy.

       Raýat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyryş 

       Awtoulagyň eýesi (daşaýjy) awtoulag serişdesini dolandyrýan mahalynda üçünji taraplaryň emlägine, saglygyna we ömrüne zeper ýetiren halatynda raýat-hukuk jogapkärçiligini goraýar.

       Sürüji we ýolagçylar bilen bagly betbagtçylyk hadysalary

       Ýüze çykan betbagtçylyk hadysanyň netijesinde ulagyň sürüjisiniň we (ýa-da) ýolagçylarynyň saglygyna ýa-da ömrüne duýdansyz we garaşylmadyk zeper ýetmegi.

ÖWEZINI DOLUŞ TÖLEGI NÄDIP AMALA AŞYRYLÝAR?

     Ýol ulag hadysasyny tassyklamak üçin Türkmenistan Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýol gözegçilik gullugyna habar beriň we olaryň gelerine garaşyň, zeper ýeten ulagy surata düşüriň we şaýatlaryň atlaryny we salgylaryny ýazyň.

     Ätiýaçlandyryş hadysa ýüze çykan halatynda, haýal etmän, “Resmi kepil” ätiýaçlandyryş kompaniýasyna ýüz tutmaly. Soňra arza ýazyň.

     Ätiýaçlandyryş hadysa protokollaşdyrylandan soňra, awtoulag abatlamak üçin hasaplaýyş geçirýäris.

     Kompaniýa bilen umumy zyýanyň deslapky tassyklanmagyndan soň, abatlamaga we abatlamak üçin zerur ätiýaçlyk şaýlaryny we materiallary satyn almaga hukugyňyz bar.

Haýsy pursatlarda Ýol polisiýasyna habar bermek zerur däl?

     Boýag ýa-da lak örtügine, kuzowyň aýnasyna, daşarky yşyklandyryş enjamlaryna, aýnalara, antennalara, kuzowyň bezeg elementlerine we ş.m. zeper ýeten ýagdaýynda, zyýanyň mukdary 7500 manatdan geçmese.

Image

Biziň salgymyz
744017, Turkmenistan, Asgabat, Garassyzlyk sayoly, jaý №50

Telefon belgilerimiz
+993(12) 48-46-36
+993(12) 48-46-37
+993(65) 71-33-87

© 2024 RESMI KEPIL