Biziň hyzmatlarymyz
ÝAŞAÝYŞ jaýlaryny ätiýaçlandyryş
Gozgalmaýan emläk atiýaçlandyryşy we ýaşaýyş jaýlary ätiýaçlandyryşy eýeleriň emlägini we maliýe ýagdaýyny goramak üçin möhüm we zerur bolup durýandyr.
Ýaşaýyş jaýlary ätiýaçlandyrmagyň möhümliginiň birnäçe sebäpleri:

Töwekgelçiliklerden we ýitgilerden goramak
Ýaşaýyş jaýlary ätiýaçlandyryşy dürli töwekgelçiliklerden ýangyn, ogurlyk, suw joşmasy, tupan we beýleki tebigy betbagtçylyklaryndan ýaly goragy bilen üpjün edýär. Şeýle wakalar ýüze çykan halatynda ätiýaçlandyryş kompaniýasy emlägi dikeltmek ýa-da çalyşmak üçin uly möçberdäki maliýe çykdajylaryny töleýär.

Maliýe goragy
Öý zaýalanan ýa-da weýran bolan halatynda ätiýaçlandyryş kompaniýasy eýesine zyýanyň öwezini dolýar. Bu bolsa öý eýesine maliýe ýitgilerini azaltmaga we maliýe goragyny üpjün etmäge kömek eder.

Öý eýesini - kärendä berijini goramak
Eger siz emlägiňizi kärendä berýän bolsaňyz hem, ätiýaçlandyryş kompaniýasy betbagtçylykly hadysalarynyň netijesinde öýüňize zeper ýeten ýagdaýynda girdeji ýitgisinden gorap biler.

Biz näme ätiýaçlandyrýarys?
Öýleri, köp gatly ýaşaýyş jaýlardaky öýleri şeýle-de hem bezeg işleriniň parçalaryny we konstruktiw elementlerini, enjamlary:
● Diwarlar we germewler (ýelmenen oboýlar we beýleki örtükler);
● Pollary, potoloklary we gapylary;
● Gapy we penjereleriň karobkalary we ramalary, aýnalary we reňkli aýnalary;
● Gapynyň tutawajy, gapynyň gulpyny, elektrik jaňlary;
● Elektrik simleri we elektrik hasaplaýjy enjamlary, sanitar-tehniki enjamlar;
● Ýyladyş enjamlary we ş.m.