Select your language

IŞ BERIJINIŇ RAÝAT-HUKUK JOGAPKÄRÇILIGINI ÄTIÝAÇLANDYRYŞ

       Öz işgärleriniň aladasyny edýän sowatly ýolbaşçylar iş berijiniň raýat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyryş şertnamasynyň barlygyny hökman göz öňüne tutarlar.
       Resmi Kepil HJ size iş beriji bilen zähmet şertnamanyň esasynda iş gatnaşykda bolýan işgärlere, olaryň janyna we saglygyna zeper ýeten halatynda goşmaça öwezini doluş tölegini üpjün edýän ätiýaçlandyryş şertnamasyny hödürleýär.

Ätiýaçlandyryş näme üçin gerek?

       Iş beriji işgäriň saglygyna (ömrüne) ýetirilen zeperiň Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda öwezini dolmaly.
       Raýat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyryş polisi iş berijä ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini bermäge ýa-da ätiýaçlandyryş hadysa bilen baglanyşykly beýleki tölegleri amala aşyrmaga kömek eder.

Biz näme ätiýaçlandyrýarys?

       Önümçilikdäki betbagtçylykly hadysalaryň ýa-da önümçilikde hünär keselleri bilen kesellemeginiň netijesinde ömri ýa-da saglygy bilen baglanyşykly işgäriň (işgärleriň) bähbitleri.

Haýsy howplardan goraýarys?

  • Betbagtçylykly hadysasyndan:beden şikesleri, ýiti zäherlenme, gün urmagy, ýanyk, sowuk aldyrma, gark bolma, elektrik togunyň, ýyldyrymyň urmagy; ýangynyň, partlamalaryň, awariýalaryň, binalaryň, desgalaryň we guramalaryň ýykylmagy (bozulmagy) netijesinde ýeten zeperler; ulaglarda betbagtçylyk halatlary, ýol-ulag hadysalary, beýleki adatdan daşary ýagdaýlar;
  • Hünär kesellerizyýanly we howply önümçilik şertleriniň täsirinden soň ýüze çykan keseller.
Image

Biziň salgymyz
744017, Turkmenistan, Asgabat, Garassyzlyk sayoly, jaý №50

Telefon belgilerimiz
+993(12) 48-46-36
+993(12) 48-46-37
+993(65) 71-33-87

© 2024 RESMI KEPIL