Suw ulagyň ätiýaçlandyryşy gämileriň we beýleki suw serişdeleriniň eýeleriniň ýa-da peýdalanyjylarynyň bähbitlerini, suw ulagyň işledilişi ýa-da ulanyşy bilen bagly bolup biljek töwekgelçiliklerini ýa-da ýitgilerini öňüni almak üçin niýetlenendir.
Biz nämäni ätiýaçlandyrýarys?
● Deňiz (derýa) gämisiniň ştat gurluşy: gäminiň gabarasy, hereketlendirijileri, gäminiň enjamlary we esbaplary (ýangyç ýaglama we beýleki sarp ediş materiallary muňa degişli däldir) H&M
● Üçünji taraplaryň janyna, saglygyna (ömrüne) we emlägine ýetirilen zyýanlaryň gämi eýesi tarapyndan öweziniň dolunmagy P&I.
Haýsy howplardan?
Gäminiň ýitirilmegi
ýa-da heläk bolmagy töwekgelçiligi şol sanda gabarasy (kasko) - bölekleýin ýa-da doly zeperlenme, şeýle hem heläkçiligiň, çaknyşmanyň, ýangynyň we beýleki garaşylmadyk ýagdaýlaryň netijesinde gäminiň bölekleýin ýa-da doly zeperlenmegi, şeýle hem ýitirilmegi;

Jogapkärçilik töwekgelçiligi
gäminiň eýeleriniň ýa-da operatorlarynyň hereketleriniň ýa-da seresapsyzlygynyň netijesinde üçünji taraplara ýa-da daşky gurşawa zyýan ýetirilmegi bilen bagly ýitgileriň öweziniň dolunmagyndan;
Ýüküň zaýalanmagy
ýa-da ýitirilmegi töwekgelçiligi – ýüküň zaýalanmagy, ýüküň gijikdirilip eltilmegi bilen bagly ýitgileriň öweziniň dolunmagyndan
Ýüküň zaýalanmagy
ýa-da ýitirilmegi töwekgelçiligi – ýüküň zaýalanmagy, ýüküň gijikdirilip eltilmegi bilen bagly ýitgileriň öweziniň dolunmagyndan
Gäminiň bortundaky
adamlaryň saglygyny (ömrüni) ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi - gämide betbagtçylykly hadysasy ýüze çykan halatynda bejeriş bilen bagly çykdajylarynyň öweziniň dolunmagyndan.